Taryh
From Wikipedia
Taryh geçen hem-de öwrenilen wakalar hakynda gürrüň diýmekdir. Şol gürrüň adamzadyň taryhy hem-de tabigatyň taryhy diýip şahalanýar. Taryh bitewiligine ösýän umumy prosesdir. Onuň ösüşi obýektiw hasiýete eýe bolup, köplenç adamlaryň isleg-arzuwlaryna garaşsyzlykda dowam edýär. Adamlar ol ösüşi birneme çaltlaşdyryp ýa-da haýalladyp biler.
Taryh gapma-garşylyklardan dos-doly bolýar. Ol ynsan jemgyýetini düzýän halklaryň geçmişinden durýan göwrümlilik, ählumumylyk ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan [Türkmenistanyň taryhy]-da şol häsiýetlere eýe bolan umumy taryhyň aýrylmaz bölegidir. Her bir halkyň, her bir ýurduň taryhynyň öz öwrenýän obýekti, özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýandygyny hem aýdyp geçmelidiris. Meselem Türkmenistanyň taryhy biziň Watanymyzyň territoriýasynda adamzat jemgyýetiniň döreýişini we ösüşini çuňdan öwrenmekdir.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň aýtmagyna görä türkmeniň taryhy esasy 5 eýýama bölünýär. Şol eýýamlar hakynda has ýakyndan maglumat almak üçin 5eýýam sahypasyna gidip görüň.
[edit] Makalalar
Alp Arslan
GADYMY ÜRGENÇ
Nusaý galasy
Änew metjidi
Mäne bababyň kümmeti
Sarahs babanyň kümmeti
Ýartygümmez
[edit] Sahypalar
http://www.taryh.8m.com Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri