ABUL KASYM UBEÝDULLAH ibn Abdyllah ibn Hordatbeg
From Wikipedia
ABUL KASYM UBEÝDULLAH ibn Abdyllah ibn Hordatbeg ( takmynan 820- takmynan 912/913) - arap geografy. Gelip çykyşy boýunça eýranly. Ol Bagdatda okapdyr, halifleriň köşgi bilen aragatnaşylky bolupdyr. Awtor birnäçe eser ýazypdyr, olardan biziň döwrümize gelip ýeteni "Ýollar we döwletler kitaby" ("Kitab al-masalih wa-l-memalik") diýen geografik ýygyndydyr. Awtor ol işi 846/847 ýyllarda gaýtadan işläpdir. Ýygyndyda halifatyň welaýatlarynyň, şäherleriniň atlary, ýol marşrutlary, her bir welaýatdan we ülkeden ýygnalýan salgydyň mukdary, şeýle-de halifatyň käbir goňşy ýurtlary, olaryň patyşalaryny´ň we hökümdarlarynyň atlary, titullary barada maglumat berilýär. Ýygyndyda Horasana we Orta Aziýa uly orun berilýär, sebäbi şol döwürde Horasan we Orta Aziýa halifatyň iň möhüm welaýaty bolupdyr.