Web Analytics Made Easy - Statcounter

See also ebooksgratis.com: no banners, no cookies, totally FREE.

CLASSICISTRANIERI HOME PAGE - YOUTUBE CHANNEL
Privacy Policy Cookie Policy Terms and Conditions
Abdyrahman Jamy Nuretdin ibn Ahmet - Wikipedia

Abdyrahman Jamy Nuretdin ibn Ahmet

From Wikipedia

Abdyrahman Jamy Nuretdin ibn Ahmet
Doglan wagty 1414
Ölen wagty 1492
Doglan ýeri Jam-Horasan
Okuwy Samarkant we Hyrat medreseleri
Käri şahyr

Abdyrahman Jamy Nuretdin ibn Ahmet (1414-1492) - Şahyr, alym. Şahyryň ata-babalarynyň asly Ispihanyň golaýynda ýerleşýän Deşt diýen ýerdendir. Olar şol ýerde ep-esli wagt ýaşahlaryndan soň, Horasanyň Jam diýen welaýatyna göçüp gelýärler we kazyçylyk, müftüçilik käri bilen meşgullanýarlar. Abdyrahman Jamy bolsa Jamda doglany üçin, edebi lakamyny Jamy diýip saýlap alýar. Ol fars dilini, edebiýatyny, şeýle hem arap dilini oňat bilipdir. Ondan başga-da geometriýany, filozofiýany, hadysy, yslam dininiň kada-kanunlaryny, gurhany okamagy, oňa düşündiriş bermegi, edebiýat teoriýasyny hem oňat bilipdir. Şahyr Samarkandyň we Hyradyň medreselerinde okapdyr. Şahyryň tälim alan alymlaryndan Möwlana Şahabetdin Muhammet Jajaremini, Möwlana Sagdetdin Kaşgaryny, Kazy zadeý-Rumyny ýatlamak bolar. Ol Sagdetdiniň gyzyna öýlenýär. Ondan dört ogly bolýar, emma üçüsi ýaşlykda aradan çykýar. Şahyr olaryň ölümine gayşlap, elegiýalar hem ýazypdyr. Onuň gogany Möwlana Şemseddin Muhammet hem öz döwrüniň bilimli hem meşhur tebiplerinden biri bolupdyr. Temiritleriň döwründe ýaşanlygy üçin onuň serlerinde şol dinastiýada häkimlik eden Babyryň, Sontansöýün Baýkaranyň, Abu-Sagydyň, Ulugbegiň atlaryna duş gelinýär. Ol Azerbaýjanda häkimlik eden türkmen emirleri bilen ýakyndan aragatnaşykda bolupdyr. Hatda olaryň birnäçesine bagyşlap şygyr hem döredipdir. Jahan şa türkmen bolsa öz diwanyny, zer jähekli bir possun sowgat iberipdir. Öz döwürdeşi, meşhur şahyr, döwlet işgäri Alyşir Howaýy bilen tanşyp, onuň bilen dostlaşýar. Nowaýy ony öz ussady hökmünde hemme tarapdan goldaýar, kömek edýär. Şahyr "Kaşky" diýen şygyryny Nowaýynyň türki dilinde ýazan "Käşki" atly şygrynyň esasynda döredýär. Ol Hyrada, Samarkanda, Mara, Faraba, Bagdada, Daşkende, Mekgä, Töwrize syýahat edipdir. Şahyr köp sanly original eserler döredipdir. Olardan "Ýusup-Züleýha", "Sibhat el-Abrar", "Nefahat el-üns", "Baharystan", "Salaman we Afzal", "Tuhfat el-Ahrar", "Risalen-aruz", "Arba-in" (Çehel-hadys), "Häft öwren", "Harednamai-Isgenderi" diýen eserleri görkezmek bolar.


aa - ab - af - ak - als - am - an - ang - ar - arc - as - ast - av - ay - az - ba - bar - bat_smg - bcl - be - be_x_old - bg - bh - bi - bm - bn - bo - bpy - br - bs - bug - bxr - ca - cbk_zam - cdo - ce - ceb - ch - cho - chr - chy - co - cr - crh - cs - csb - cu - cv - cy - da - de - diq - dsb - dv - dz - ee - el - eml - en - eo - es - et - eu - ext - fa - ff - fi - fiu_vro - fj - fo - fr - frp - fur - fy - ga - gan - gd - gl - glk - gn - got - gu - gv - ha - hak - haw - he - hi - hif - ho - hr - hsb - ht - hu - hy - hz - ia - id - ie - ig - ii - ik - ilo - io - is - it - iu - ja - jbo - jv - ka - kaa - kab - kg - ki - kj - kk - kl - km - kn - ko - kr - ks - ksh - ku - kv - kw - ky - la - lad - lb - lbe - lg - li - lij - lmo - ln - lo - lt - lv - map_bms - mdf - mg - mh - mi - mk - ml - mn - mo - mr - mt - mus - my - myv - mzn - na - nah - nap - nds - nds_nl - ne - new - ng - nl - nn - no - nov - nrm - nv - ny - oc - om - or - os - pa - pag - pam - pap - pdc - pi - pih - pl - pms - ps - pt - qu - quality - rm - rmy - rn - ro - roa_rup - roa_tara - ru - rw - sa - sah - sc - scn - sco - sd - se - sg - sh - si - simple - sk - sl - sm - sn - so - sr - srn - ss - st - stq - su - sv - sw - szl - ta - te - tet - tg - th - ti - tk - tl - tlh - tn - to - tpi - tr - ts - tt - tum - tw - ty - udm - ug - uk - ur - uz - ve - vec - vi - vls - vo - wa - war - wo - wuu - xal - xh - yi - yo - za - zea - zh - zh_classical - zh_min_nan - zh_yue - zu -