Web Analytics Made Easy - Statcounter

See also ebooksgratis.com: no banners, no cookies, totally FREE.

CLASSICISTRANIERI HOME PAGE - YOUTUBE CHANNEL
Privacy Policy Cookie Policy Terms and Conditions
1948-nji yylyn ayylganc yer titremesi - Wikipedia

1948-nji yylyn ayylganc yer titremesi

From Wikipedia

Yadygarlik

1948-nji ýylyň Garassyzlyk aýynyň 5-den 6-syna geçilýän gije 1 sagat 12 minut 5 sekuntda Aşgabatda hem-de onuň golaýyndaky etraplarda ägirt güýçli ýer titredi. Bary-ýogy 10 sekunt dowam eden, ýöne güýji 10 baldan hem geçen elhenç sarsgyn göz açyp-ýumasy salymda ýaňy uka giden şäheri ýer bilen ýegsan etdi.

Bu maglumaty Türkmenistanda ýaşaýanlaryň bilmeýäni ýok bolsa gerek. Ol okuw kitaplaryna çenli girizilen. Bu tebigy betbagtçylyk ýüz müňden hem köp janlaryň pida bolmagyna getirdi. Ýüz müňdenem köp ykbal… Olaryň arasynda atalaram, enelerem, gerçek ýigitlerem, gyzyl çog gelinlerem, oýnap ýörenje çagalar, heniz dünýä inip ýetişmedik nesillerem bar… Bu bela uruş belasyndanam aýylganç görünýär. Duşman ýok, howp ýok, hatar ýok…

Şol ykbalaryň arasynda iline Serdar ogul goýup giden ene Gurbansoltan eje-de bar. Ýogsa ol heý kesege dözüljek enemidi? Uruşda galan ýan ýoldaşynyň ojagyny saklap oturan wepaly ene! Üç oglunyň daşyny dolap, ilden kem geýdirmän, ilden kem iýdirmän, hiç kimden pes terbiýelemän, hem ata terbiýesini, hem ene terbiýesini berip, naýbaşy ogullary ýetişdirip oturan ene! Enelik mähri dogup gelýän türkmen Güneşi ýaly ýyly, göz ýaşlary türkmen baharynyň ýagyşy ýaly dury, göwni türkmen ýaýlasy ýaly giň, buýsanjy, merdemligi daglaryň gaýasy ýaly berk, paýhasy asuda asmanymyz ýaly parahat ENE! TÜRKMEN ENESI!..

Bir enede şeýle mertebe bar bolsa, şol betbagtçylygyň pidasy gör nähili agyr! Belki biz Magtymgulymyzy ýitirendiris, kim bilýär, Röwşen Göroglymyz görde galandyr… Muňa çydaman jaýryldymy gara baýyrlar? Garaňky asman göterip bilmedi Aşgabadyň depesinde çaýkanan şol gijäniň tozanyny. Ony ýellerem göterip bilmedi. Olar diri galanlaryň ýüzünde galdy, ýürek-bagryna çökdi… Garaşsyzlygymyzy alýançak şeýle gijäniň ýasynam ýas şekilli tutup, hatyrasyny beýige galdyryp bilmedik. Häzir bolsa paýtagtyň ýüreginde Beýik Prezidentimiziň hut özüniň tagallasy bilen bina edilen türkmeniň Röwşen balasynyň altyndan heýkeli lowurdap otyr. Beýik Türkmen enesiniň heýkeline ýaşlar gül desselerini goýýarlar. Her kim şehitlerini ýatlaýar. Olaryň ruhuna sadaka berýär.

Şehitleriň ruhunyň şeýle sylanmagy ýurdumyzyň döwletliliginden nyşan.


aa - ab - af - ak - als - am - an - ang - ar - arc - as - ast - av - ay - az - ba - bar - bat_smg - bcl - be - be_x_old - bg - bh - bi - bm - bn - bo - bpy - br - bs - bug - bxr - ca - cbk_zam - cdo - ce - ceb - ch - cho - chr - chy - co - cr - crh - cs - csb - cu - cv - cy - da - de - diq - dsb - dv - dz - ee - el - eml - en - eo - es - et - eu - ext - fa - ff - fi - fiu_vro - fj - fo - fr - frp - fur - fy - ga - gan - gd - gl - glk - gn - got - gu - gv - ha - hak - haw - he - hi - hif - ho - hr - hsb - ht - hu - hy - hz - ia - id - ie - ig - ii - ik - ilo - io - is - it - iu - ja - jbo - jv - ka - kaa - kab - kg - ki - kj - kk - kl - km - kn - ko - kr - ks - ksh - ku - kv - kw - ky - la - lad - lb - lbe - lg - li - lij - lmo - ln - lo - lt - lv - map_bms - mdf - mg - mh - mi - mk - ml - mn - mo - mr - mt - mus - my - myv - mzn - na - nah - nap - nds - nds_nl - ne - new - ng - nl - nn - no - nov - nrm - nv - ny - oc - om - or - os - pa - pag - pam - pap - pdc - pi - pih - pl - pms - ps - pt - qu - quality - rm - rmy - rn - ro - roa_rup - roa_tara - ru - rw - sa - sah - sc - scn - sco - sd - se - sg - sh - si - simple - sk - sl - sm - sn - so - sr - srn - ss - st - stq - su - sv - sw - szl - ta - te - tet - tg - th - ti - tk - tl - tlh - tn - to - tpi - tr - ts - tt - tum - tw - ty - udm - ug - uk - ur - uz - ve - vec - vi - vls - vo - wa - war - wo - wuu - xal - xh - yi - yo - za - zea - zh - zh_classical - zh_min_nan - zh_yue - zu -